Lukmançylyk duýduryşlary
Batareýa howpsuzlyk görkezmeleri
-
Arassalanyňyzdan soň zarýad berijini dakmazdan öň
onuň doly gurandygyna göz ýetiriň.
-
Tutawajy, esasanam çotga nasadkanyň birikmesini
ýuwup durlaň. Rezin dykyzlandyrmanyň töweregini
emaý bilen arassalaň.
-
Nasadkany her 3 aýdan ýa-da könelme alamatlary
ýüze çyksa, ondan hem ir çalşyryň. Gyllary mynjyran
ýa-da eplenen çotga nasadkasyny ulanmagy bes ediň.
-
Bu enjam diňe dişleri, diş etini we dili arassalamak üçin
dizaýn edilendir.
-
Düzüminde efir ýaglary ýa-da kokos ýagy bar bolan
önümler bilen gönümel galtaşdyrmaň. Galtaşma
gyllaryň gopmagyna eltip biler.
-
Ulanmagyň maksimum beýikligi 4500 metrdir.
-
Philips önümleriniň düzümindäki REACH maddalary
barada maglumaty www.philips.com/REACH
salgysynda tapmak bolar
-
Bu enjam şahsy ideg enjamy bolup, köp ulanyjy
tarapyndan paýlaşylyp ulanylmaga niýetlenilmeýär.
-
Eger ulanyşdan soň çendenaşa ganama ýüze çyksa,
ganama ulanyşdan soň dowam etse ýa-da bimazalyk
ýa-da agyry duýsaňyz, enjamy ulanmagy bes ediň we
diş lukmanyňyz/lukman bilen maslahatlaşyň.
-
Eger size kardiostimulýator ýa-da başga bir implant
enjam goýlan bolsa, ulanmazdan öň lukmanyňyza ýa-
da implant enjamyň öndürijisine ýüz tutuň.
-
Bu enjamda diňe professional işgärler tarapyndan
aýrylmaly batareýalar bar.
-
Önümi we batareýleri otdan uzakda saklaň we olary
günüň göni düşýän şöhlesine ýa-da ýokary
temperaturalara sezewar etmäň.
-
Eger önüm adatdan daşary gyzsa ýa-da ys çykarsa,
onuň reňki üýtgese ýa-da zarýad almagy üçin
adatdakysyndan köp wagt gerek bolsa, onda önümi
ulanmagy we oňa zarýad bermegi bes ediň we Philips-
e ýüz tutuň.
-
Önümleri we olaryň batareýlerini mikrotolkunly
ojaklaryň ýa-da induksiýaly ojaklaryň içine salmaň.
499
Türkmençe