Herunterladen Diese Seite drucken

Saeco SM8782/30 Benutzerhandbuch Seite 584

Werbung

Verfügbare Sprachen
  • DE

Verfügbare Sprachen

  • DEUTSCH, seite 113
582
Türkmençe
-
"HygieSteam Shot": süýt esasly içgi taýýarlanylýan wagty gaýnadyjy içerki kapuçinatory çaltlyk bilen
ýuwmak üçin onuň içinden bug zarbalaryny awtomatik usulda geçirýär.
-
"HygieSteam": gaýnadyjy içerki süýt ulgamyny bug bilen mazaly arassalaýar. HygieSteam gabynyň dogry
ýygnalandygyna (Sur. 34) we gaýnadyja dakylandygyna göz ýetiriň (Sur. 35). Süýt turbajygyny süýt
turbajygy saklaýjysyna (Sur. 36) ýerleşdirip, ekrandaky gözükdirijileri berjaý ediň.
-
"Deep Milk Clean": Içerki süýt ulgamyny mazaly arassalamak üçin, Philips-iň süýt konturyny arassalaýjysy
bilen "Deep Milk Clean" prosedurasyny ýerine ýetiriň.
Içerki kapuçinatory krandan akýan suwda arassalamak
1 Içerki kapuçinatoryň gapagyny açyň (Sur. 37).
2 Içerki kapuçinatory aşak çekmek arkaly ony aýryň (Sur. 38).
3 Aşaky bölegini ýokarky böleginden çekip aýyrmak arkaly içerki kapuçinatory dargadyň (Sur. 39).
4 Ähli bölekleri (Sur. 40) dargadyň we olary krandan akýan suwda arassalaň.
5 Içerki kapuçinatory gaýtadan ýygnaň.
6 Içerki kapuçinatory ýerine dakmak üçin ony dik tutuň we deşikleriň gaýnadyjydaky iki turbajyk bilen
deňleşendigine göz ýetiriň. Soňra öz ildirilýänçä içerki kapuçinatory bokaryk itiň (Sur. 1).
7 Gapagy ýapyň.
Jikme-jik wideo gözükdirijiler üçin www.saeco.com/care salgysyna baryň.
Kesmek aýyrmak prosedurasy
Diňe Philips-iň kesmek aýryjysyny ulanyň. Hiç hili ýagdaýda kükürt kislotasyna, duz kislotasyna, sulfamin ýa-
da sirke kislotasyna esaslanýan kesmek aýryjy ulanmaň, sebäbi ol gaýnadyjynyň suw konturyna zeper ýetirip
biler we hek kesmegini talabalaýyk eretmez. Philips-iň kesmek aýryjysyny ulanmasaňyz, kepilligiňiz güýjüni
ýitirer. Enjamyň kesmegini aýyrmasaňyz, onda hem kepilligiňiz güýjüni ýitirer. Philips kesmek aýyrýan
serişdesini ýerli ýa-da onlaýn bölek satyjyňyzdan ýa-da ygtyýarly tehniki hyzmat merkezlerinden satyn alyp
bilersiňiz.
1 Gaýnadyjy sizden kesmegi aýyrmagy soranda, başlatmak üçin tassyklaýyş
tarapyndan soralmanka kesmegi aýyrmagy başlatmak üçin "Ýagdaý" şekiljigini basyň we "Descale"
(Kesmegi aýyrmak) saýlaň.
2 Damja mejimesini, kofe löderesi gabyny we HygieSteam gabyny (Sur. 26) aýryp, olary boşadyň we ýerine
dakyň.
3 Suw gabyny aýryp, boşadyň. Soňra AquaClean filtrini aýryň.
4 Philips kesmek aýryjysynyň tutuş bir çüýşesini suw gabyna guýuň we ony CALC CLEAN derejesine çenli
suwdan dolduryň (Sur. 41). Soňra suw gabyny gaýtadan gaýnadyja dakyň.
5 Kofe guýýan jürnügiň aşagyna uly gap (1,5 l) goýuň.
6 HygieSteam gabynyň dogry ýygnalandygyna (Sur. 34) we gaýnadyja dakylandygyna göz ýetiriň (Sur. 35).
Süýt turbajygyny süýt turbajygyny saklaýja ýerleşdiriň.
7 Kesmegi aýyrmak prosedurasyny başlatmak üçin ekrandaky gözükdirijileri berjaý ediň. Kesmek aýyrmak
prosedurasy takmynan 30 minuta çekýär we kesmek aýyrmak döwresinden hem-de ýuwup durlamak
döwresinden ybarat bolýar.
8 Kesmegi aýyrmak döwresi tamamlanandan soň suw gabyny we suw konturyny ýuwmaly. Ekrandaky
gözükdirijileri berjaý ediň.
9 Täze AquaClean suw filtrini suw gabyna ýerleşdiriň we ony işjeňleşdiriň (Ser. 'AquaClean suw filtrini
işjeňleşdirmek (5 min.)').
Tär: AquaClean filtrini ulanmaklyk kesmek aýyrma zerurlygyny azaldýar!
şekiljigini basyň. Gaýnadyjy

Werbung

loading

Diese Anleitung auch für:

Xelsis supremaXelsis deluxe