Herunterladen Inhalt Inhalt Diese Seite drucken

Kesmek Aýyrmak Prosedurasynyň Arasy Üzülse Näme Etmeli; Näsazlyk Kodlary; Ähtimal Çözgüt - Saeco Xelsis SUPREMA SM8885 Benutzerhandbuch

Inhaltsverzeichnis

Werbung

Verfügbare Sprachen
  • DE

Verfügbare Sprachen

  • DEUTSCH, seite 114
Kesmek aýyrmak prosedurasynyň arasy üzülse näme etmeli
Dolandyryş panelinde açmak/öçürmek şekiljigini basmak arkaly kesmek aýyrmek prosedurasyndan çykyp
bilersiňiz. Kesmegi aýyrmak prosedurasy doly tamamlanmanka onuň arasy kesilse, suw gabynda ýa-da suw
konturynda kesmegi aýyrýan serişdäniň belli bir möçberi galyp biler. Şeýle ýagdaýda aşakdakylary ýerine
ýetiriň:
1 Suw gabyny boşadyň we mazaly ýuwup durlaň.
2 Suw gabyna CALC CLEAN dereje görkezijisine çenli arassa suw guýuň we gaýnadyjyny täzeden işlediň.
Gaýnadyjy gyzar we awtomatik ýuwup durlamak döwresini ýerine ýetirer.
3 Islendik içgini gaýnatmazdan öň, el bilen ýuwup durlamak döwresini ýerine ýetiriň. El bilen ýuwup
durlamak döwresini ýerine ýetirmek üçin, ilki bilen gyzgyn suw gabyndaky suwuň ýarysyny akdyryň,
soňra üwelen kofe goşmazdan taýýar üwelen kofeden 2 çaşka demläň.
Bellik: Kesmek aýyrmak prosedurasy tamamlanmadyk bolsa, gaýnadyjy mümkin bolan tiz wagtda ýene
kesmek aýyrmak prosedurasyny talap eder.
Näsazlyk kodlary
Aşakda öz çözüp biljek problemalaryňyzy görkezýän näsazlyk kodlarynyň sanawyny taparsyňyz. Wideo
görkezmeler www.saeco.com/care salgysynda elýeterlidir. Eger başga näsazlyk kody peýda bolsa,
ýurduňyzdaky Müşderiler bilen işleşmek boýunça merkeze ýüz tutuň. Habarlaşmak baradaky maglumatlar
üçin kepillik talonyna serediň.
Näsazlyk
Mesele
kody
01
Kofe guýgujy dykyldy.
03
Gaýnadyş topary hapa
ýa-da gowy
ýaglanmadyk.
04
Gaýnadyş topary dogry
orunda goýulmadyk.
05
Suw berýän konturda
howa bar.
AquaClean filtri
dakylmanka talabalaýyk
taýýarlanmandyr ýa-da ol
dykylypdyr.
Ähtimal çözgüt
Gaýnadyjyny öçürip, tokdan sogruň. Gaýnadyş toparyny aýryň.
Soňra, üwelen kofe bölüminiň gapagyny açyp, çemçe sapyny
sokuň. Dykylan üwelen kofe aşak gaçýança, sapy aşak-ýokaryk
süýşüriň (Sur. 28). Şuňa baryň: www.saeco.com/care jikme-jik
wideo görkezmeler üçin.
Gaýnadyjyny öçüriň. Gaýnadyş toparyny arassa suw bilen ýuwup
durlaň, howada guradyň we soňra ýaglaň (Ser. 'Gaýnadyş
toplumyny ýaglamak'). "Gaýnadyş toparyny arassalamak" babyna
ýüz tutuň ýa-da şuňa baryň: www.saeco.com/care jikme-jik
wideo görkezmeler üçin. Soňra gaýnadyjyny täzeden işlediň.
Gaýnadyjyny öçüriň. Gaýnadyş toparyny aýryp, täzeden dakyň.
Gaýnadyş toparyny girizmezden öň, onuň dogry orunda
durandygyny anyklaň. "Gaýnadyş toparyna çemeleşmek" babyna
ýüz tutuň ýa-da şu salga giriň: www.saeco.com/care jikme-jik
wideo görkezmeler üçin. Soňra gaýnadyjyny täzeden işlediň.
Öçürip we işledip, gaýnadyjyny täzeden açyň. Eger ol işe ýarasa,
2-3 çaşka gyzgyn suw guýuň. Uzak wagtlap gaýnadyjynyň
kesmegini aýyrmadyk bolsaňyz, onda kesmegini aýryň.
AquaClean filtrini aýryp, täzeden kofe gaýnadyp görüň. Eger ol işe
ýarasa, AquaClean filtrini yzyna goýmazdan öň talabalaýyk
taýýarlanandygyny anyklaň (Ser. 'AquaClean suw filtrini
işjeňleşdirmek (5 min.)'). AquaClean filtrini suw gabyna yzyna
goýuň. Şonda-da işe ýaramasa, filtriň dykylan ýa-da çalşyrylmaly
bolmagy mümkin.
583
Türkmençe

Werbung

Inhaltsverzeichnis
loading

Inhaltsverzeichnis