Herunterladen Diese Seite drucken

Philips AC0830 Bedienungsanleitung Seite 70

Vorschau ausblenden Andere Handbücher für AC0830:

Werbung

Verfügbare Sprachen
  • DE

Verfügbare Sprachen

  • DEUTSCH, seite 14
Möhüm
Howpsuzlyk
Enjamy ulanmazdan ozal şu ulanyjy gollanmasyny üns bilen okaň we ony geljekde gollanmak üçin
saklaň.
Iň oňat öndürijiligi üpjün etmek çin arassalaýjyňyzy iň täze wersiýa beýgeltmegi maslahat berýäris.
Ony Air+ programmasynyň üsti bilen beýgeldip bilersiňiz (diňe Wi-fi funksiýaly önüme degişli)
Howp
Tok urmagyny ýa-da ýangynyň döremeginiň öňüni almak üçin enjamy suw ýa-da islendik başga bir
suwuklyk ýa-da (ýanyjy) arassaçylyk serişdesi bilen arassalamaň.
Mör-möjekleri öldürýän dermanlar ýa-da ys berijiler ýaly ýanyjy maddalary enjamyň golaýynda
pürkmäň.
Duýduryş
Enjam toga dakmazdan ozal zawod tagmasynda görkezilen güýjenmäniň ýerli elektrik
ulgamyndaky güýjenme bilen gabat gelýändigini barlaň.
Elektrik kabeline zeper ýeten bolsa, howpuň öňüni almak üçin onuň Philips tarapyndan, Philips
ygtyýarly tehniki hyzmat merkezi ýa-da şoňa meňzeş ygtyýarly şahslar tarapyndan çalşyrylmagyny
üpjün etmeli.
Laýyklaýja, elektrik kabeline ýa-da enjamynň özüne zeper ýeten bolsa, enjamy ulanmaň.
Diňe enjam bilen üpjün edilýän tassyklanan laýyklaýjyny (AC0819/AC0820/AC0830:
KA1801A-2400750EU, AC0850: KA2401A-2401000EU) ulanyň.
Enjamy 8 ýaşyny dolduran we has uly ýaşly çagalar, şeýle hem enjamy howpsuz görnüşde ulanmak
boýunça gözükdirijiler berlen ýa-da howpsuz ulanmak boýunça gözegçilik astyndaky we degişli
howplar özlerine mälim edilen ýagdaýynda fiziki, duýgurlyk ýa-da zehin ukyplary pes ýa-da tejribesi
we bilimi bolmadyk şahslar hem ulanyp biler.
Çagalar enjam bilen oýnamaly däl.
Çagalar gözegçilik astynda däl wagty enjamda arassaçylyk we abatlaýyş işlerini geçirmeli däl.
Howa girelgesini we çykalgagyny ýapmaly däl, mysal üçin howa çykalgasynyň üstüne ýa-da howa
girelgesiniň öňüne närseleri goýmaly däl.
Howa çykalgasyndan nätanyş jisimleriň enjamyň içine gaçmaýandygyna göz ýetiriň.
Standart WiFi interfeýsi 802.11b/g/n, 2.4 GHz tizlige esaslanyp, aňryçäk çykyş güýji 31,62 mW EIRP
bolup durýar (diňe Wi-Fi funksiýaly önüme degişli).
Seresapboluň
Bu enjam adaty howalandyryş ulgamynyň, tozan sorujynyň ýa-da nahar bişirilýän wagty ulanylýan
howa sowujynyň ýa-da ýelpewajyň ornuny tutmaýar.
Enjamy elmydama gury, tekiz we kese ýeriň üstünde ýerleşdiriň we ulanyň.
Enjamyň öňünde we gapdallarynda azyndan 20 sm, enjamyň ýokarsynda bolsa azyndan 30 sm
boşluk galdyryň.
Enjamyň üstünde oturmaň ýa-da dik durmaň. Enjamyň üstüne hiç zat goýmaň.
Howadan suwa öwrülýän damjalaryň enjamyň üstüne dammagynyň öňüni almak üçin enjamy
gönüden-göni howany sowadyjynyň aşagynda goýmaň.
Diňe şu enjam üçin ýörite niýetlenilen hakyky Philips süzgüçlerini ulanyň. Islendik başga süzgüçleri
ulanmak bolmaýar.
Süzgüjiň ýanmagy adamyň saglygyna yzyna gaýtaryp bolmajak zeper ýetirip we/ýa-da başga
jandarlara howp abandyryp biler. Süzgüji ýangyç hökmünde ýa-da şoňa meňzeş maksatlar üçin
ulanmaň
Enjamyň gaty närseler bilen (esasanam, howa girelgesine we çykalgasyna) urulmagynyň öňüni
alyň.
TK
67

Werbung

loading

Diese Anleitung auch für:

Ac0820Ac0819Ac0850Ac0830/10