Herunterladen Diese Seite drucken

Philips Sonicare Cordless Power Flosser 3000 Serie Bedienungsanleitung Seite 398

Vorschau ausblenden Andere Handbücher für Sonicare Cordless Power Flosser 3000 Serie:

Werbung

Verfügbare Sprachen
  • DE

Verfügbare Sprachen

  • DEUTSCH, seite 65
398
Türkmençe
Tertipler we ýygjamlyklar
Tertipler (Diňe belli bir modellerde)
Modeliňize baglylykda, Cordless Power Flosser-iňiz bir ýa-
da iki dürli tertip bilen üpjün edilendir. Eger enjamyňyzda
iki tertip bar bolsa, gerekli tertibiňizi saýlamak üçin,
standart Clean (Arassalamak) tertibi bilen Deep Clean
(Çuňňur arassalamak) tertibini özara çalşyrýan tertip
düwmesini basyň. Eger enjamyňyzda bir tertip bar bolsa,
ol eýýäm arassalamak tertibinde durandyr.
Clean (2000 we 3000 seriýasy)
Bu tertipde taýmer ulanylýar we durnukly suw basyşy
bilen ajaýyp arassaçylyk geçilýär.
Taýmer her 15 sekuntdan suw akymyny çalaja
sägindirmek arkaly, agyz boşlugynyň indiki bölegine
geçmelidigiňizi görkezýär.
Bu Cordless Power Flosser-de taýmer işjeňleşen görnüşde
gelýär.
Taýmeri işjeňleşdirmek ýa-da deaktiwirlemek üçin
Cordless Power Flosser öçük wagty, ýygjamlyk saýlaw
düwmesini 3 sekuntlap basyp saklaň.
-
Deaktiwirlenen wagty, batareýa görkezijisiniň çyrasy
bir gezek sary reňkde ýanyp söner
-
Işjeňleşen wagty, batareýa görkezijisiniň çyrasy iki
gezek ýaşyl reňkde ýanyp söner
Deep clean (3000 seriýasy)
Bu tertip Pulse Wave tehnologiýasyndan peýdalanýar we
sizi her dişe aýratyn ugrukdyryp, güýçli we näzik suw
pulslary bilen düýpli arassaçylyk geçýär.
Pulse Wave tehnologiýasy suw akymynyň ýygjamlygyny
beýgeltmek we peseltmek arkaly, nasadkany dişleriň
arasyndaky indiki boşluga geçirmegiňiz üçin sähelçe
säginmegi üpjün edýär.

Werbung

loading