Herunterladen Inhalt Inhalt Diese Seite drucken

Philips sonicare HX9992/42 Prestige Bedienungsanleitung Seite 481

Inhaltsverzeichnis

Werbung

Verfügbare Sprachen
  • DE

Verfügbare Sprachen

  • DEUTSCH, seite 80
-
Bu enjamda ulanyjynyň tehniki hyzmat edip biljek
şaýlary ýokdur. Eger enjama zeper ýetse, ony
ulanmagy bes ediň we ýurduňyzdaky Müşderi
goldawy merkezine ýüz tutuň (ser. "Kepillik we
goldaw"). Eger şnura zeper ýeten bolsa, zarýadnigi
täzesi bilen çalşyryň.
-
Zarýadnigi daşarda ýa-da gyzgyn üstleriň golaýynda
ulanmaň.
-
Önümiň hiç bir bölegini gap-gaç ýuwujyda
arassalamaň.
-
Bu enjam diňe dişleri, diş etini we dili arassalamak üçin
dizaýn edilendir.
-
Eger ulanyşdan soň çendenaşa ganama ýüze çyksa,
ganama ulanyşdan 1 hepde geçensoň ýüze çykmaga
dowam etse ýa-da bimazalyk ýa-da agyry duýsaňyz,
enjamy ulanmagy bes ediň we stomatolog/lukman
bilen maslahatlaşyň.
-
Eger öňki 2 aýda agyz ýa-da diş eti operasiýasyny
geçiren bolsaňyz, bu enjamy ulanmazdan öň
stomatologyňyz bilen maslahatlaşyň.
-
Eger size kardiostimulýator ýa-da başga bir implant
enjam goýlan bolsa, ulanmazdan öň lukmanyňyza ýa-
da implant enjamyň öndürijisine ýüz tutuň.
-
Eger lukmançylyk taýdan şübhelenseňiz, bu enjamy
ulanmazdan öz lukmanyňyz bilen maslahatlaşyň.
-
Bu önüm şahsy ideg enjamy bolup, stomatologik
klinikada ýa-da edarada birnäçe näsagda ulanmak
üçin niýetlenilmeýär.
-
Gyllary mynjyran ýa-da eplenen çotga nasadkasyny
ulanmagy bes ediň. Nasadkany her 3 aýdan ýa-da
könelme alamatlary ýüze çyksa, ondan hem ir
çalşyryň.
-
Eger diş pastaňyzda peroksid, azyk sodasy ýa-da
bikarbonat bar bolsa (agardyjy diş pastalarynda köp
ulanylýar), nasadkany her ulanyşdan soň sabyn we
suw bilen mazaly arassalaň. Ol plastikde ähtimal
jaýrylmanyň öňüni alýar.
-
Düzüminde efir ýaglary ýa-da kokos ýagy bar bolan
önümler bilen gönümel galtaşdyrmaň. Galtaşma
gyllaryň gopmagyna eltip biler.
Türkmençe
481

Quicklinks ausblenden:

Werbung

Inhaltsverzeichnis
loading

Inhaltsverzeichnis